Emeli aňyň filosofiýasy

 

Bilim- munuň özi dogry jogap bermekdir,

Akyl – bu eýýäm soragy dogry bermekdir.

(näbelli awtor)

Emeli aň (EA) adamyň durmuşynda ymykly ornaşdy. Ylaýta-da soňky 10 ýylyň dowamynda EA islendik ulgamda belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Eýýäm häzir medisina, ulag-transport, öý-hojalyk, internet, hat-da kompýuter oýunlary ulgamlaryny EA-nyň gatnaşmazlygynda göz öňüne getirmek kyn. Tehnologiýa ösüşi şol derejä ýetdi- EA belli bir ýumuşlarda adamyň ýerine ýetirmeli işlerinden has ýokary we takyk netijeleri berýär,  emma,  “aň” sözüň doly manysynda EA adamyň ýerini doly tutup bilermi?

Dogry jogap almak üçin soragy dogry görnüşde goýmaly. Şonuň üçin berlen makalanyň esasy maksady EA-a degişli dogry soragy tapmak bolsa gerek.

EA-yň filosofiýasy- tehnologiýanyň filosofiýasy ylmynyň bir şahamçasy bolup,    EA-yň bilime ýetirýän täsirini şeýle hem aňy, etikany, huşy (paýhasy), epistemologiýany we erk etmek ýaly düşünjeleri öwrenýär. Ýüzleý pikirlenseň tehnologiýalar ylmy we filosofiýa biri-birinden gaty daş we umumylykda hiç zady ýok ýaly, ýöne köp alymlar EA babatynda filosofiýa prizmasyndan peýdalanmazlyk soňy bilen pajygaly ýagdaýlara getirip biler diýip ynanýarlar.

Isledik ylym ýaly filosofiýanyň bu şahamçasy hem öz  öňünde öwrenmeli belli bir soraglary goýýar. Olar esasan aşakdakylardan ybarat:

  • Enjam [iňlis: machine] akylly (paýhasly) hereket edip bilermi? Ol (enjam) adamyň pikirlenip çözüp biljek meselesini çözüp bilermi?
  • Adamyň we enjamyň akyly meňzeşmi? Eýsem, adamyň beýnisi kompýutermi?
  • Enjamda paýhasy, ruhy ýagdaýy, aňy adamda bolup bilişi ýaly barmy? Ol (enjam) bolup geçýän zatlary duýup bilýärmi?

Ilkibada seretseň, bu soraglar ýaňy daş töwerege göz ýetirip başlan kiçi çaganyň ululardan bilesigelijilikli soraýan ýönekeý soraglaryna meňzeýär, ýöne paradoksyň emele gelýän ýeri – tehnologiýalaryň ýeten üstünliklerinden habarly bolan adam üçin bu soraglara jogap bermek gaty aňsat bolmasa gerek…

Berlen makalada EA-yň taryhy, görnüşleri (güýçli we ejiz EA), olary barlamak üçin hereket edýän dürli testler (Týuringyň testi, Hytaý otagy) barada aýdylmaýar, şeýle- hem ýokarda sanalyp geçen soraglaryň hemmesine içgin jogap tapmak üçin köpräk wagt we düýpräk ylmy barlaglar gerek bolar. Ýöne beýniňiz üçin pikirlenmäne iýmit hökmünde käbir mysallara ýüz salalyň.

Medisinanyň gazanan üstünliklerine garamazdan käbir keselleriň bejerilişi hat-da ir wagtda ýüze çykarylmagy hem kyn. Mysal üçin, ruhy keseli bolan şizofreniýa, erbetleşip, bejerilmäge degişli däl tapgyrynda, ýa-da bejerilmegi kyn bolan ýagdaýynda adamda ýüze çykarylýar. Ýöne 2015-nji ýylda Dip Peýşnt [Deep Patient] (DP) tehnologiýasy keseli anyklamagyň takyklygynda medisinada gaty öňe gidişlige sebäp boldy. Gysga we ýönekeý sözler bilen aýdanyňda bu tehnologiýa adamyň täsiri bolmazdan ýarawsyz ýa-da bir ýeri bimaza edýän näsaglara takyk diagnoz ýagny keseliň adyny çykaryp berýär. Ilki başda bu tehnologiýanyň bazasyna 700 000 -den gowrak eýýäm keseli belli näsaglaryň elektron medisina kartoçkalary ýa-da bejergi alyş taryhyny girizipdirler. Netijede girizilen maglumatlary öwrenip DP tehnologiýasy indiki geljek näsaglarda bar bolan alamatlary öwrenip şol adamyň haýsy kesele uçrandygyny ýa-da ýakyn geljekde emele geljekdigi barada anyk maglumatlary berýär. Has gyzykly bölegi – anyklaýan keselleriň arasynda şizofreniýa keseliniň hem has irki tapgyry bolsada, anyklamaga mümkinçiligi bolan bu tehnologiýa adamyň pikirlenip çözüp biljek meselesini däl, eýsem pikirlenip çözüp bilmejek meselesini çözmäne başardy.

Adamyň täsiri bolmazdan diýip biz ýöne ýerden bellemedik. Bilişiňiz ýaly EA-a esasy mahsus bolan “häsiýetleriň” biri öz özüniň goýberen ýalňyşlyklaryny düzedip öwrenmekdir. Şeýle tehnologiýada uly öňegidişlikleri gazanan London şäherinde ýerleşýän we häzirki wagta [Alphabet – (Google)] holdingyna degişli bolan Dip Maýnd [Deep Mind (DM)] kompaniýasynyň önümini mysal getirip bileris. Kompaniýanyň hünärmenleri, EA-a ýöremek üçin gerekli bolan şekilini berip, ugrunda her dürli böwetleri bolan ýol ýasap şol şekile A nokatdan B nokada barmagy buýurdylar. Elbetde, böwetleri nädip geçmelidigini EA bilmeýär we her sapar bir böwetden ýykylanda, EA-a oturdylan öz özüni öwredýän algoritmyň kömegi bilen, şol ýykylan böwedinde başka hili hereket etmelidigini öwrenýär. Eger başka eden hereketi bilen EA şol böwetden geçip bilse onda indiki böwetlerde hem şol usuly ulanar eger bolmasa, ýykylyp, ýene ýalňyşlyklary düzetmäne gaýtadan ylgap gaýdar. Multiplikasiýa şekiline geçirilen bu prosesi gören adamy güldürer we şol bir wagtda geň galdyrar. Sebäbi görüp duran şekilimiz gezekden gezege gowy ylgaýar.

XX asyryň ortalarynda hödürlenen Týuringyň testy häzirki wagtda özüniň netijeliligini doly ýagdaýda ýitirdi. Testyň esasy mazmuny iki otagyň birinde (A) EA oturdylan kompýuter beýlekisinde (B) hakyky adam oturýar. Üçünji otagda soňunda karar bermeli ýene bir adam (Ç) oturýar. (A) we (B)-nyň esasy maksady (Ç)-ny özleriniň adamdyklaryny subut etmek. Eýýäm 2014-nji ýylda EA bolan [Eugene Goostman] 30 adamdan (Ç) 10-syny özüniň adamdygyny ynandyryp bildi. [Microsoft] tarapynda döredilen ýene-de bir EA özüniň adamdan tapawutlandyryp bolmajak häsiýeti bilen tehnologiýa äleminde giňden tanalýar. [Chat bot] ýagny sosial torynda adamlara wirtual söhbetdeş bolmak  maksady bilen döredilen bu EA söhbetdeşlerine özüni 18 ýaşly Sýaoaýs [Xiaoice] atly gyz hökmünde tanadyp, häzirki wagtda dürli adamlar bilen 10 mlrd-dan gowrak hat üsti söhbetdeşlik gurnady. [Emotional computing] esasynda döredilen bu EA öz söhbetdeşlerini duýgysynyň bardygyny ynandyrdy we netijede söhbetdeşleriniň 25%-i (takmynan 10 mln) bu “gyza” aşyk bolandyklary barada aýtdylar.

Akyllylyk ýa-da paýhaslyk taglymaty [theory of mind] şeýle bellýär: “Haçan-da obýekt özüniň beýlekilerden tapawutlanýandygyny akyly bilen göz ýetirse, şonda (we diňe şonda) obýekte akylly diýip bolar”. Beýle diýsek hem alymlaryň aýdyşyna görä çaga 3-4 (soňky barlaglara görä 2,5) ýaşyna çenli özüniň başka çagalardan tapawutlanýandygyny bilmeýär. Biz ol çagalara akyly ýok diýseň ýalňyş bolar. Dogry, akyl entek ýeterlik derejede ösmedik ýöne – bar!

Elbetde ýokarda mysal getirilen EA we ýene başkalar özleriniň diňe belli bir maksat üçin döredilendikleri üçin we şol ulgamda ýokary görkezijileri gazanandyklaryna garamazdan, “aň” sözüniň doly manysynda hiç bir EA-y adam bilen deňeşdirmek (entek) mümkin däl. Käbir alymlaryň çaklamalaryna görä IT-nyň bu ösüş tizliginde, eýýäm 2025-nji ýylda bir adamyň sekuntda pikirleniş tizligine deň derejede “pikirlenip” bilýän EA döremegi mümkin. 2050-nji ýylda bu EA-nyň pikirleniş tizligi sekuntda bir adamyň däl, eýsem tutuş adamzadyň bir wagtda pikirleniş tizligine deň bolar diýip çaklamalar bar. Bularyň baryny wagt görkezer!

Ýöne, jemleme hökmünde awtoryň pikirini getirmeli bolsa onda şeýleräk beýan etsek bolar.

Hakyky- ýagny adamyň aňyna meňzeş EA barada aýtsak, eýýäm ýeten üstünliklere goşmaça, EA (hemmetaraplaýyn) meseläni çözmek üçin öň girizilmedik formulany özi tapyp, berlenleri şol formula girizip, ýetmeýän maglumatlary tapmak usullaryny bilse ( ýa-da öwrense), diňe şonda biz ýokarda agzalan EA barada söhbet açyp bileris.

 

Rozybaýew Babajan,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/stambul-turkmenbasy-ugry-boyunca-yorite-gatnaw/

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar