Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geljek hepde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Bu barada rus metbugatynda habar berilýär.
– Russiýa resmi sapar bilen Türkmenistanyň Prezidenti gelýär. Bu sapar örän möhümdir. Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklar bar. Her iki tarap bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarly – diýlip, “Russiýa 1” teleýaýlymynda “Moskwa. Kreml.Putin” atly gepleşikde bellenilip geçildi.
Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi sapary bolar.
Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan daşary işler ministrleriniň duşuşygy