Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly öňümizdäki 2 hepdäniň dowamynda 9 ýurduň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklar geçirer. Bu barada türk metbugatynda bellenilip geçilýär.
6-njy iýunda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy göz öňünde tutulýar. Mewlüt Çawuşogly özüniň türkmen kärdeşi Raşid Meredow we azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen duşuşar.
Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasyndaky Prezidentler we daşary işler ministrleri derejesindäki duşuşyk formaty döredildi.
Bu ýurtlaryň daşary işler ministrleri soňky gezek 2021-nji ýylyň fewralynda duşuşypdy.
Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan döwletleriniň Prezidentleriniň ýokary derejedäki sammitini hem Türkmenistanda guramak göz öňünde tutulýar.
Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossesin Amir-Abdollahian, Demirgazyk Makedonoýanyň daşary işler ministri Bujar Osmani, Daniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wopke Hoekstra, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Barbek we Norwegiýanyň daşary işler ministri Anniken Huitfeldt bilen duşuşyklar geçirer.
Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy