DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda resmi dabara bilen garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna bardy.  “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti resmi dabara bilen garşylandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Resmi dabaradan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini 27-nji sentýabrda bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

– Duşuşyklarymyzyň her biri möhüm taryhy waka. Gazanylan ylalaşyklar ýerine ýetirilýär we halklarymyza hyzmat edýär. Bu gün hyzmatdaşlygymyzyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak we uzak möhletleýin täze “ösüş ugurlary” kesgitlemek üçin gowy pursat bolar. Saparyňyz sebit we halkara arenasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat eder – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hem myhmansöýerligi üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

– Özbegistan ýakyn goňşymyz we strategiki hyzmatdaşymyz. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlygymyz okgunly ösýär. Bu syýasatda, söwda we ykdysady ugurda, medeni we ynsanperwer ugurlarda öz beýanyny tapdy. Sebit we halkara meselelerinde birek-birege goldaw berýäris – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Soňky dört ýylda ikitaraplaýyn söwda üç esse artyp, 400 million dollardan geçdi. Şu ýylyň başyndan bäri haryt dolanyşygy ýene 25 göterim ýokarlandy.

14-nji sentýabrda geçirilen hökümetara türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň we 4-nji oktýabrda Daşkende geçirilen türkmen-özbek ykdysady forumynyň netijeleriniň özara peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

Iki ýurduň arasynda, esasanam serhetýaka sebitlerinde hyzmatdaşlyk mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Özbegistanyň Buhara we Horezm sebitlerine amala aşyran dostlukly sapary muňa mysal bolup biler.

 

Türkmen-özbek ykdysady forumy: 13 ylalaşyk gazanyldy

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi