BIZNES

Türkmen-özbek ykdysady forumy: 13 ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyrýan resmi saparyna gabatlanyp, Daşkent şäherinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi.

Ykdysady forumda türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna bolsa Premýer-ministriň orunbasary, maýa goýumwe daşary söwda ministri S.Umurzakow başlyklyk etdi.

Bu foruma iki ýurduň ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda 100-den gowrak adam gatnaşdy.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygynyň okgunly ösüşine ýokary baha berdiler. Soňky ýyllarda harty dolanyşygy 3 esse artdy. Pandemiýanyň ýaramaz täsirlerine garamazdan, şu ýylyň  8 aýynda özara söwda gatnaşyklary 25 göterim ýokarlandy.

Forumyň dowamynda iki ýurduň dürli pudaklarynyň maýa goýumlaryny, senagat we söwda mümkinçiliklerini açyp görkezýän çykyşlar edildi. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar Özbegistanda öndürilen önümler bilen tanşyp boljak “Özbegistanda öndürilen” önümçilik sergisine baryp görmäge mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçileri birnäçe B2B ýygnagyny geçirdiler, şol döwürde işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we geljegi uly ugurlarda belli taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

13 YLALAŞYGA GOL ÇEKILDI

Forumyň netijesinde oba hojalygy, himiýa, dokma, elektrik, deri we aýakgap, azyk we derman senagaty, awtoulag we gurluşyk materiallary öndürmek ýaly birnäçe maýa goýum şertnamalary we söwda şertnamalary baglaşyldy.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy.

 

“Instagram” gaýdyp geldi: yzy bilen “Facebook” we “WhatsApp”

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar