DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Mongoliýanyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekili taýýarlanylýar

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 2026-njy ýylda birnäçe halkara çäreleri kabul eder

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi