TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekili taýýarlanylýar

Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.  Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmalydygyny nygtady.

 

Maý aýy medeni we halkara çärelere baý bolar

Ýene-de okaň

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

«Sanly TIR» ulgamynyň ornaşdyrylyşy boýunça tejribe duşuşygy

Uçar kerosini, polietilen we tehniki kükürt islegden peýdalandy

Teswirle