TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti lebaply kärendeçi bilen söhbetdeş boldy

Lebap welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna baryp gördi we bu ýerde galla oragyny başlamaga ak pata berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz daýhan birleşiginiň çäginde gallaçy kärendeçisi Azat Joraýewiň kärende ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy kärendeçi uly hormat bilen garşylady. Kärendeçi bilen söhbetdeşlikde Arkadagly Serdarymyz oba hojalyk işleriniň barşy, onuň hal-ahwaly, maşgala ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Mälim bolşy ýaly, gündogar sebitiň gallaçylary 3-nji iýunda Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň daýhanlary bilen bilelikde bugdaý oragyna girişdiler.

Şu ýyl welaýatyň daýhanlary 130 müň gektar ýerden 310 müň tonnadan geçirip galla almagy meýilleşdirýärler. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminde däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 419-synyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda saparda bolýar

Ýene-de okaň

Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň uly metjidi açyldy

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýada täze hökümet düzüldi

Ata Watan Eserleri