Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyrýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra ýurdumyzyň gündogar sebitine ilkinji saparydyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Welaýat merkeziniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanyldy.

Saparyň barşynda hormatly Prezidentimiz sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşýar.

 

Bugdaýyň täze görnüşleri “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylar