DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşýar

Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy bilen Sankt-Peterburg şäheriniň B.N.Elsin adyndaky Prezident kitaphanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyga hormatly Prezidenti hem gatnaşýar.

Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Duşuşyk başlanmazdan ozal, döwlet Baştutanlary resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşdy.

Şeýle hem dabara Russiýanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Russiýanyň baş lukmany Anna Ýurýewna Popowa hem çagyryldy.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa iş sapary başlandy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistan bilen Russiýa parlament gatnaşyklaryny ösdürýär

Saud Arabystanynyň wekiliýeti Awaza geldi

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler