JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

“Görnükli döwlet Baştutany bolmak bilen, Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň ynamly öňe gitmegine, şol bir wagtyň özünde hem dünýäniň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşdy” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin!” diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dileg etdi hem-de merhumyň ýakynlaryna ýene-de bir gezek gynanjyny bildirmek bilen, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

 

BAE-niň täze Prezidenti saýlandy

Ýene-de okaň

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri