Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýokary federal geňeşi Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýurduň täze Prezidenti hökmünde saýlady. Bu barada “WAM” döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, geňeş biragyzdan Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny BAE-niň täze Prezidenti hökmünde saýlady. Geňeşiň mejlisine Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktum başlyklyk etdi. Ol hem wagtlaýynda ýurduň döwlet baştutany wezipesini alyp bardy.

Mälim bolşy ýaly, düýn Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykypdy.

TÄZE PREZIDENT BARADA

BAE-niň täze Prezidenti 1961-nji ýylyň 11-nji martynda El-Aýn şäherinde dünýä indi we BAE-niň esaslandyryjysy we birinji Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň 3-nji ogludyr.

BAE-de döwlet baştutany prezident bolup, ol ýurduň 7 emirliginiň dolandyryjylaryndan ybarat bolan Ýokary federal geňeş tarapyndan 5 ýyl möhlete saýlanýar.

Ýurt döredilenden bäri bu ýokary döwlet wezipesi Abu-Dabinň Emirine berilýär. BAE-niň Prezidenti şol bir wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr we Ýokary goranmak geňeşiniň Başlygydyr.

 

Türkmenistanda Ýewropa güni bellenildi