Paýtagtymyz Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli dabara geçirildi. Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.

Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen kabul edişlik çäräsine ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem bu kabul edişlik dabarasyna çagyryldy.

Ýewropa güni – Ýewropa bileleşigine agza ýurtlaryň parahatçylygynyň hem-de bitewüliginiň baýramy. Ol 1950-nji ýyldan bäri, her ýylyň 9-njy maýynda bellenilip geçilýär. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso gürrüň berdi.

Şeýle hem dabara Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan gatnaşan maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ilçi Alonsony Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hökümetiniň adyndan bu ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady. Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi hem-de bu gurama agza ýurtlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow türkmen tarapynyň maglumatlary esasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2021-nji ýylda 730 million dollara deň bolandygyny mälim etdi.

Şeýle hem ol golaýda Türkmenistanda bolan ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Terhi Hakalanyň geçiren gepleşikleriniň özara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigini belledi.

Dabarada edilen çykyşlardan soňra hödür-kerem edildi we dürli nusgawy sazlar diňlenildi.

Mundan başga-da, dabaranyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň maşgalasy bilen söhbetdeş bolduk. Ol özara söhbetdeşligiň barşynda Aşgabatda bolýan döwründe ekologiýa çärelerine işjeň gatnaşýandygyny belläp, köp sanly agaç nahallaryny oturdandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol ýene-de bir gyzykly maglumaty belläp geçdi. Ol hem almanyň, armytyň tutuş dünýä Merkezi Aziýadan ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr. Bu maglumat hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň maşgalasynyň ösümlik dünýäsi bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny görkezýär.

 

Galla oragyna taýýarlyk görülýär