DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Binaly Ýyldyrymy kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymy kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz bu duşuşykda şeýle diýdi:

– Türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň esasy daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň Türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek üçin hem esasy şert bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýokary derejeli duşuşygynda Türki geňeşi Türki dilli döwletleriň guramasyna öwürmek barada taryhy karar kabul etdi. Türki döwletleriň ählisiniň goldawy bilen Türkmenistan bu gurama synçy hökmünde kabul edildi. Türkmenistan bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagy maksat edinýär. Ýurdumyz Türki dilli ýurtlaryň parlament assambleýasyna, Türki ýurtlaryň söwda-senagat edarasyna agza hökmünde gatnaşmaga hem gyzyklanýandygyny bellemek isleýärin.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdamda bolsa, ýokary derejede alnyp barylýan uzakmöhletin we strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýärin. Türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bolsa öz çykyşynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna goşulmagynyň gurama güýç-gaýrat berendigini belledi. Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň geljegi nazarlaýan 30 ýyllyk maksatnamasyna hem ýokary baha berdi.

Duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda Binali Ýyldyrym duşuşygyň barşynda koronawirus pandemiýasy sebäpli howa ýollar arkaly gatnawlarynda çäklendirmeleriň bardygyny belläp geçdik. Sebitde we dünýäde şertleriň has-da gowulaşýandygyny, şonuň üçin hem howa ýollary gatnawlarynyň täzeden gözden geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçendigini mälim etdi.

 

Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Aşgabada geldi

Ýene-de okaň

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal

ABŞ-nyň Prezidenti täze “Gold Card” wiza programmasyny girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

Ýurdumyzyň käbir zenanlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Ýurdumyzyň käbir raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Azerbaýjan Türkmenistana sowgat hökmünde nebit daşaýan tanker gurýar

Ata Watan Eserleri