JEMGYÝET

Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Aşgabada geldi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar bu Guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn özara hereketleriň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy babatynda pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Türkmenistanyň synçy-döwlet hökmünde bu halkara düzüminiň işine işjeň gatnaşýandygyny belläp geçdi.

R.Meredow we B.Ýyldyrym türki halklarynyň däp-dessurlarynyň hem-de adatlarynyň derwaýys ähmiýetini nygtamak bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň işiniň umumy medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýaşlarda umumy taryha bolan hormatyň terbiýelenmegine gönükdirilendigini beýan etdiler.

Bu ugurda, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň Aksakallar geňeşiniň işine işjeň gatnaşmaga taýýarlyk bildirýändigini hem beýan etdi.

Taraplar şeýle-de şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň hem-de onuň geçirilmeginiň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylarynyň topary bilen özara hereket etmegiň meselelerine hem aýratyn üns berdiler.

 

Türkmen raýatlary Ukrainadan getirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady