TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen raýatlary Ukrainadan getirilýär

Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlary ýurdumyza getirilip başlandy. “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gurnaýan ýörite gatnawlary bilen raýatlarymyzy ýurdumyza howpsuz ýagdaýda getirmek amala aşyrylýar. Raýatlarymyzyň howpsuz getirilmegi babatda degişli diplomatik gulluklar bilen ylalaşyldy.

Şonuň netijesinde, şu gün irden Rumyniýanyň Buharest şäheriniň halkara howa menzilinden Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziline türkmen raýatlaryny alyp gelen uçar gondy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň T5 3286 belgili ýörite gatnawy arkaly 282 raýatymyz Türkmenabat şäherine getirilip, olaryň Türkmenistana getirilmegi mugt amala aşyryldy hem-de ýurdumyzyň diplomatik gulluklary tarapyndan raýatlarymyza ähli hyzmatlar berildi.

Ukrainadan getirilen raýatlarymyzyň arasynda aýal-gyzlaryň hem bardygyny aýratyn bellemek bolar.

Ukrainada bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň getirilmegi dowam etdiriler. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Hökümetiniň öz raýatlary barada hemişe alada edýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Aşgabat-Moskwa-Aşgabat uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Teswirle