TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak maksady bilen netijeli çäreleri görýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 21-nji ýanwarynda bu ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi ynanyşmak hem-de birek-biregi hormatlamak ýörelgelerinde guralýan hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň beýanyna öwrüldi.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň başyny başlan TOPH Gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ösüşiň gazanylýandygy bellenildi.

Ärdogan milli Liderimizi Oraza baýramy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri oktýabr aýynda duşuşarlar

BMG-niň Baş Sekretary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy

Teswirle