JEMGYÝET

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda guramaçylyk meseleleri seredildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi. Onda guramaçylyk meselelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişina görä, hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirdi. Bu mejlisiň barşynda Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy M.Taganowyň Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellenmegi bilen baglylykda, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygy wezipesine saýlamak meselesine seredildi.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň hödürlemeginde Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine saýlandy. 

Şeýle hem Seýdi Jumaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.

Hormatly Prezidentimiz bular baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

 

Türkmenistan bilen Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy şertnama baglaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady