Türkmenistan bilen Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň (IEBG-nyň) Baş direktory Daren Tang bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi habar berýär.

Bellenen tertipde ylalaşylan iş duşuşygyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Maksat Kutlymyradow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň (Gulluk) başlygy Ata Annaniýazow we Gullugyň başlygynyň orunbasary Orazmyrat Saparmyradow, Gullugyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Nazarmuhammet Babaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary müdirliginden Döwlet Çotbaýew gatnaşdylar.

Iş duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ugrunda alnyp barylýan işler, Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk babatynda çykyş etdi we Türkmenistanyň ykdysadyýet we Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Tehnologiýalary we innowasiýalary goldamak boýunça Merkezini döretmek bilen bagly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň arasynda hyzmat etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdi.

Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory jenap Daren Tang öz gezeginde Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti barada çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda agzalan Ylalaşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory jenap Daren Tang gol çekdiler.

 

Dünýäniň iň uzyn zenany Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

 



ÝENE-DE OKAŇ

Şwesiýanyň "Jetson Aero" kompaniýasy 92 müň dollara satmak üçin hödürleýän uçýan awtoulaglaryň alyjylara gowşurylmaga taýýardygyny habar berdi. Elektrikli awtoulaglardan soň awtoulag tehnologiýasyndaky öwrülişik uçýan awtoulaglar bolar. Köp kompaniýalar öz uçýan awtoulaglaryny ösdürmek üçin eýýäm uly maýa goýumlaryny goýýarlar. Şeýle kompaniýalaryň biri şwesiýaly "Jetson Aero" kompaniýasy “Jetson One” atly şahsy uçýan awtoulag öndürdi we ony geçen ýyl 92 müň dollara satmak üçin...
ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň müdiri Dr. Entoni Fauki koronawirusyň “omikron” görnüşiniň pandemiýadan adaty endemiýa tapgyra geçmegiň alamaty bolup biljekdigini aýtdy. Endemiki kesel jemgyýetde hemişe bar. Şeýle-de bolsa, adatça pandemiýada bolşy ýaly, köp sanly adama täsir etmeýär ýa-da jemgyýetiň durmuşyna täsir etmeýär. Faukiniň pikiriçe, “omikron” Covid-19-yň pandemiýadan endemiki tapgyra geçmeginiň alamaty bolup biler, sebäbi başlangyç barlaglar onuň agyr kesele...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatyň başynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin...
Iň mynasyp aktýor we aktrisalar gözlenýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly täze taslama başlaýar we bu taslama babatda keşp ýerine ýetirjek aktýorlar üçin kasting yglan edýär. “Atavatan TV” YouTube kanalyndan tomaşaçylara ýetiriljek kinoserial üçin iň mynasyp aktýor we aktrisalary saýlap almak göz öňünde tutulýar. Täze taslamanyň  diňe bir meşhur aktýorlar üçin däl, eýsem öň köpçülik tarapyndan entek tanalmadyk, “gizlenip ýatan” talantlaryň hem...
Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Watanymyzyň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini dünýäde giňden wagyz etmek, türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinde gazanýan uly üstünliklerini has-da artdyrmak, bu ugurda döredilýän şertleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berildi. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
915FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar