DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi.

Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara haryt dolanşygynyň artdyrylmagy hem-de ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, iki ýurduň işewürler-toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň maksadalaýyklygy bellenilip geçildi.

 

«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi başlaýar

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Awazada geçiriljek GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň protokol gullugynyň işini kämilleşdiriler

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy