Türkmen we amerikan medeni hyzmatdaşlygy pugtalanýar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) maksatnamanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn konferensiýasyny geçirdiler. Halkara ylmy konferensiýa iki sessiýadan ybarat bolup, spikerleriň gatnaşmagynda söhbetdeşlikleri öz içine aldy. Bu barada ABŞ-nyň ilçihanasynyň beýanatynda bellenilýär. 

«Türkmenistanda şu aý Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bellenýär. Ýurtlarymyzyň bu 30 ýylda guran dostluk we hyzmatdaşlyk baglanyşyklaryna buýsanýarys. “AFCP” maksatnamasy şu ýyl Merkezi Aziýa sebitinde iň netijeli we özara peýdaly gatnaşyklaryň 20 ýyllygyny belleýär» diýip, Ilçi Klimow öz sözünde belledi.

Konferensiýa Türkmenistanyň we «AFCP» maksatnamasynyň taryhynda bu möhüm pursatlary bellemekden başga-da, amerikan we türkmen guramalarynyň we hünärmenleriniň arasyndaky hazirki we geljekki hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşdy.

Konferensiýa «AFCP» maksatnamasynyň komitetiniň, Kongresiň kitaphanasynyň, San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, «CyArk» guramasynyň, Gündogary öwreniş institutynyň (OI) we «Сaring for Textiles» guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistandan konferesiýa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Taryh we arheologiýa institutynyň wekilleri we «AFCP» taslamalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Şeýle hem, konferensiýa gatnaşyjylar medeni mirasy gorap saklamak boýunça 20 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşyp, iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.

Konferensiýa, ýörite myhman hökmünde çagyrylan, «AFCP» maksatnamasynyň müdiri doktor Martin Perşleriň çykyşy bilen tamamlandy. Doktor Perşler sözüniň dowamynda Türkmenistanda we ABŞ-da «AFCP» maksatnamasyny goldaýanlara “Türkmenistanyň özboluşly we baý medeni mirasyny gorap saklamaga wepalylygy” we “milli mirasyň Türkmenistanyň geljekki nesillerine we dünýäniň dürli künjeklerinden geljek adamlara bilim we ylham bermegini üpjün etmekde tutanýerliligi” üçin minnetdarlyk bildirdi.

“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) Kongresiň haýyşy boýunça Döwlet departamenti tarapyndan döredilen grant maksatnamasydyr.  20 ýylyň dowamynda we rekord derejedäki 29 taslamanyň çäginde taryhy we medeni mirasy gorap saklamak 1,800,000 amerikan dollary bagyşlandy. «AFCP» taslamalarynyň sany boýunça Türkmenistan dünýäde öň hatarda barýar.

Super Mario bilen hoşlaşyldy

 

ÝENE-DE OKAŇ

21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa - Goa, Sankt-Peterburg - Deli we Sankt-Peterburg - Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa...
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar