BIZNES

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 9 mlrd dollara ýetdi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirip, onda ýubileý ýylda 9 aýda alnyp barylýan işleriň netijelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, umuman milli ykdysadyýetimiziň 9 aýda gazanan üstünlikleri barada käbir maglumatlary berdi.

Şoňa görä:

  • jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterimde saklanyp galyndy.
  • daşary söwda dolanyşygy 12,3 göterim artdy we 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.
  • eksportuň möçberi hem geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 20 göterime golaý artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy.
  • eksportuň möçberi ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmazdan 50 göterime golaý artdy.
  • şu ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi.
  • umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumy bilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary ulanmaga berildi.
  • häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý 2500 sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň täze jildi çapdan çykdy

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar