BIZNES

Türkmenistanyň biržasynda TNGIZT-de öndürilen Jet A-1 awiaýangyjy satylyp başlandy

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen Jet A-1 awiasion ýangyjynyň ilkinji tapgyrlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda satlyga çykaryldy. Zawodyň täze önümi söwda gatnaşyjylarda uly gyzyklanma bildirdi we daşary ýurtly işewürler tarapyndan satyn alyndy.

Jet A-1 awiasion kerosininiň önümçiligine TNGIZT 2021-nji ýylyň iýulynda başlady. Ýangyjyň bu görnüşi Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň, şol sanda Airbus we Boeing howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde giňden peýdalanylýar.

Çig maly çuňlaşdyryp arassalamakdan alynýan täze ýangyç halkara awiasion ülňülerine laýyk gelýär we «Türkmenstandartlary»Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy.

Türkmen nebithimiýaçylary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda öndürilýän nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmegiň üstünde işleýärler. Ýakynda TNGIZT-de  AN-2 kysymly bir motorly ýeňil uçarlar üçin awiasion benziniň önümçiligi başlandy. Kiçi awiasiýada oba hojalyk işlerini geçirmekde ulanylýan bu ýangyç öň daşary ýurtdan import edilýärdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Boris Jonsona gynanç bildirdi

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

Russiýa bilen Türkmenistan gara metallaryň önümçiliginiň üstünde işleýärler

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Russiýa” senagat ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen telekeçileriniň London şäherine iş sapary guralar

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler