TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Türkiýä adaty uçar gatnawlary başlaýar

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýe Respublikasyna adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlaýar. Oktýabr aýynyň 5-inden bolsa, Türkiýe Respublikasyna adaty gatnawlar ýola goýlar. Bu barada Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugy habar berýär.

Dünýäniň ähli ýerinde epidemiologik ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen adaty halkara uçar gatnawlary ýola goýlup başlandy. Bu gatnawlaryň ugurlary we hepdelik ýygylygy yzygiderli artdyrylýar.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem bilşiňiz ýaly, ilki bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý, Tatarystanyň Kazan şäherlerine adaty halkara uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy. Soňra adaty halkara gatnawlarynyň üsti Russiýanyň Moskwa hem-de Germaniýanyň Frankfurt şäherleri bilen ýetirildi.

Indi nobat nire diýen sowal ýüze çykyp biler. Ol hem Türkiýe Respublikasy bilen Belarus Respublikasydyr.

Täze ugurlar boýunça aýtmak islesek, ozal Türkiýe Respublikasyna hem-de Belarus Respublikasy ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylyp gelindi.

Soňky aýlarda hususan-da, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan ýörite uçar gatnawlarynyň sany yzygiderli köpeldildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 15-nji oktýabryndan Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde her hepdäniň şenbe günleri adaty halkara gatnawlaryny ýerine ýetirer.

Şeýle hem Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy öz gezeginde Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Indi bolsa, Stambul ugry boýunça uçar gatnawlary barada bar bolan maglumatlary bellemek gerek. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy oktýabr aýynda hepdede 3 gezek, jemi  14 uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar. Bu gatnawlarynyň has hem artmagyna garaşylýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasy eýýäm meýilleşdirilen ýörite uçar gatnawyny Oktýabr aýynda ýerine ýetirip başlady. Awiakompaniýanyň resmi web saýtynda hem, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça hepdede 3 gezek uçar gatnawynyň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Ýakyn günlerde bu barada goşmaça maglumatyň gelmegine garaşylandygyny ýeri gelende belläp geçmek gerek.

Oktýabr aýynyň 5-inden bolsa, Türkiýe Respublikasyna adaty gatnawlar ýola goýlar. Bu barada Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugy habar berýär. Alnan maglumata görä, şu ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, her hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri adaty tertipde halkara gatnawlar amala aşyrylar.

mahabat

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, resminamalaryň terjimesi üçin  Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 

Ýene-de okaň

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Hindistana barjak daşary ýurtlular üçin täze düzgünler

Teswirle