SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Stambul ugurly ýörite uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýe Respublikasynyň Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlar seljerilip, halkara uçar gatnawlary tapgyrlaýyn açylýar. Ilkinji gatnawlaryň Dubaý we Kazan şäherlerine amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýöne Stambul ugurly ýörite gatnawlary hem dowam edýär. “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 30-njy maýynda Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň hem ýakyn wagtda Türkmenistan-Stambul ugurly gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada hem gysga wagtda size habar ýetireris.

 

 

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara

Related posts

Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat gatnawy üçin 50 göterim arzanladyş

Stambuldan ýörite uçar gatnawy : «Türkmenistan» awiakompaniýasy

Ata Watan Eserleri

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi