TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine 29-njy oktýabrda nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

“Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak bu ýörite uçar gatnawy Russiýanyň ilçihanasynyň gurnaýan 25-nji, oktýabr aýyndaky bolsa 3-nji ýörite gatnawy bolar.

“Telegram” jemgyýetçilik torundaky habara görä, 25-nji oktýabrda, ýagny şu gün “Sibir” (S7) awiakompaniýasynyň wekilhanasynyň kassasynda 29-njy oktýabrdaky Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça uçar gatnawyna awiapetekleriň satylyp başlanýandygy bellenilipdir.

Awiapetekleriň satuwynyň birinji gününde hereketi çäkli we üstaşyr ýolagçylary awiapetekleriň satylýandygy habar berilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan oktýabr aýynyň 22-sinde we 15-inde ýörite gatnawlar amala aşyrylypdy.

Bu ýörite uçar gatnawlary dünýäde emele gelen koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagy bilen 2020-nji ýylyň martyndan bäri amala aşyrylyp gelinýär.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy hem 27-nji oktýabrda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle