TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 21-nji ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

17-njy sentýabrda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 177 ýolagçy Moskwa şäherine gitdi.

Ozal habar berişimiz ýaly, 10-njı sentýabrda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 20-nji ýörite gatnawyny amala aşyrypdy.

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 21-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Bilşiňiz ýaly,  2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrdy.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy häzire çenli 20-den gowrak ýörite gatnawlary şeýle hem beýleki kompaniýalaryň buýruklary esasynda gatnawlary amala aşyrdy. Ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada anyk maglumatlary alan ýagdaýymyzda gyzgyny bilen Size ýetireris.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

“Green Card” 2024: Resminamalary kabul edişlik başlady

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Teswirle