SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 20-nji ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

10-njy sentýabrda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 171 ýolagçy Moskwa şäherine gitdi.

Ozal habar berişimiz ýaly, 27-nji awgustda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 19-njy ýörite gatnawyny amala aşyrypdy.

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 20-nji ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Bilşiňiz ýaly,  2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrdy.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy häzire çenli 20-den gowrak ýörite gatnawlary şeýle hem beýleki kompaniýalaryň buýruklary esasynda gatnawlary amala aşyrdy. Ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada anyk maglumatlary alan ýagdaýymyzda gyzgyny bilen Size ýetireris.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri