Şu gün ýurdumyzyň gündogar sebitinde toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze desga türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjy» dünýä döwletlerine, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna eksport etmekde uly ähmiýete eýedir.  Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun, aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synlady. Soňra dabaralar bu ýerdäki maslahat binasynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň dabarada eden çuňňur manyly çykyşy üns bilen diňlenildi Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Soňra wakalar «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilmiň görkezilmegi arkaly dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliniň haýyş etmegi bilen, düwmä basyp, bekediň işine ak pata berdi. Ýörite monitor arkaly dabara gatnaşyjylara bekediň işleýşi animasion şekilleriň üsti bilen görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz maslahat binasyndan çykyp, desganyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde işleriň gidişini synlady.

 

Türkmenistanyň Prezidenti lebaply kärendeçi bilen söhbetdeş boldy