SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Alnan maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 18-nji iýulda Türkmenabat-Minsk-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnawlary kem-kemden ýola goýýar. Häzirki wagtda BAE-niň Dubaý, Russiýanyň Moskwa hem-de Tatarystanyň Kazan şäherlerine adaty gatnawlar ýola goýuldy.

Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça ýörite gatnawlary Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem amala aşyrýar.

Bu awiakompaniýa soňky gezek şu ýylyň 2-nji iýulda Türkmenistan ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetiripdi.

Düýn hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 17-nji we 21-nji iýulda Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

 

 

“GEPLEÝÄN” WE “EŞIDÝÄN” ILKINJI AKYLLY SÖZLÜK: MAKUL SÖZLÜK

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Ýene-de okaň

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy