TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanda täze kanunlar kabul edildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanan, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilip, türkmen metbugatynda neşir edilen kanunlary size ýetirýäris. Siz bu kanunlaryň doly tekstini şu ýere basyp alyp bilersiňiz.

  • “Birleşen Milletler Guramasynyň Harytlary halkara satyn almak-satmak boýunça şertnamalar hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Halkara Zähmet Guramasynyň Tertipnamasyna düzedişleri girizmek hakyndaky namany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Halkara Yslam söwda we maliýe korporasiýasyny döretmek baradaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň düzgüni hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti kagyzsyz söwdany ýeňilleşdirmek hakyndaky çarçuwaly Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.
  • “Türkmen-gazagystan döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we Hazar deňzindäki balyk tutulýan zolaklaryň ýanaşyk böleklerinde çäk çekmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny.

 

 

Nýu-Ýork Konwensiýa : Halkara Arbitraž

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle