TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda nobatdaky hususylaşdyrma ädimi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde 26-njy noýabrda döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigi habar berildi. Bu barada ýurdumyzyň metbugat gazetlerinde degişli bildiriş çap edildi.

Şol bildirişde bäsleşikli söwda esasynda hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan 30 desga barada maglumatlar berlipdir.

Bu gezekki bäsleşikli söwdada ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň desgalarynyň, şeýle hem “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň desgalarynyň hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Bäsleşikli söwda bildirişine görä, hususylaşdyryljak iň ýokary başlangyç bahaly desgalaryň hataraynda senagat maksatly desga hem bolup, ol hem Daşogzuň turba zawodydyr. Onuň başlangyç bahasy 19 716 560 manat.

Bulardan başga-da, iň ýokary başlangyç bahaly desga – golaýda gurlup, ulanmaga berlen Oba hojalyk we daşky gurşawy goram ministrliginiň ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumydyr. Onuň başlangyç bahasy 60 753 603 manat.

Bäsleşikli söwdadaky iň pes başlangyç bahaly desga  – Mary welaýatynyň “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň 9-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň naharhanasydyr. Onuň başlangyç bahasy 19 129 manata deňdir.

Şeýle hem bu gezekki bäsleşikli söwda hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan desgalaryň sanawy bilen  şu ýerden pdf tanşyp bilersiňiz.

 

Çaganyň ösüşinde bäbeklik döwrüne häsiýetnama

 

Ýene-de okaň

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby ýöriş

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Teswirle