BIZNES

Türkmenistanda nebitgaz ýataklarynda gözleg-barlag işleri geçiriler

Türkmenistanyň “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek barada Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çekilen resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mälim bolşy ýaly, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu kompaniýa Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyna degişli edaralar bilen serwis hyzmatlary boýunça işler alyp barýar. Dürli guýylarda abatlaýyş işlerini amala aşyrýar.

 

Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasy täzelener

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi