TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalara ýeňillik

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny gol çekdi. Bu kanunçylyk namasy ýerli metbugatda çap edildi.

Şol resminamada, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu hem esasan, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalary höweslendirmekden ybarat boldy.

Döwlet tarapyndan çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi artdyryldy. Bu kanunçylyk namasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

Mälim bolşy ýaly,  kodeksiň 75-nji maddasyna görä, mundan ozal çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululykdan göterim möçberinde bellenilip, şu aşakdakylara deňdir:

1) birinji we ikinji çaga doglanda – 130 göterime;

2) üçünji çaga doglanda – 250 göterime;

3) dördünji we şondan soňky çagalar doglanda – 500 göterime.

75-nji madda girizilen üýtgetmelere görä, çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi bellenilen binýatlyk ululykdan göterim möçberinde bellenilip, şu aşakdakylara deňdir:

75-nji maddanyň mazmunynda:
3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«3) dördünji çaga doglanda — 500 göterime;
şu mazmunly bentleri goşmaly:
«4) bäşinji çaga doglanda— 600 göterime;
5) altynjy çaga doglanda — 800 göterime;
6) ýedinji çaga  doglanda — 1000 göterime;                                                                  7) sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda — 1200 göterime.

Şeýle hem Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy (iş döwri) 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa hukugynyň döreýändigini habar berýär.

 

Ginnese giren iň uly orkestr

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýada saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Teswirle