BIZNES

Türkmenistanda kalsiý önümçiligi ýola goýlar

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýeti, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsleşige ukyply eksporta niýetlenilen we importuň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ilaty, aýratyn-da, ýurdumyzyň alysdaky sebitlerinde ýaşaýan adamlary iş bilen üpjün etmek maksady bilen orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň möçberini artdyrmak, döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, şeýlelikde milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmek boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsiý öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklip hödürlendi. Bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli we tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.

Bular barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

 

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi