TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind 2022-nji ýylyň 1-4-nji apreli arasynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Sanjaý Werma habar berdi.

Ol Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistan we Niderlandlar Patyşalygyny öz içine alan 1-7-nji aprel aralygyndaky sapary barada maglumat berdi. Sanjaý Werma saparyň birinji böleginde Prezident Ram Nath Kowind Türkmenistanda saparda bolar. Bu saparyň Hindistanyň prezident derejesindäki Türkmenistana ilkinji sapary bolmak bilen aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan bilen Hindistanyň diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýulmagynyň üstünden 30 ýylyň geçendigini bellän Sanjaý Werma bu saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynyň yzysüre amala aşyrylmagynyň hem möhümdigini belledi.

Sanjaý Werma Prezident Ram Nath Kowindyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen ikiçäk duşuşygy, giňeldilen düzümdäki duşuşyklar we birnäçe resminamalara gol çekmek dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi. Prezident Ram Nath Kowind Halkara gatnaşyklar institutynda talyplaryň öňünde çykyş eder. Şeýle hem bu saparyň barşynda birnäçe medeni çäreler göz öňünde tutulandyr.

Sanjaý Werma Türkmenistan bilen Hindistanyň taryhy we medeni arabaglanyşyklarynyň hem bardygyny belläp, Hindistanda türkmen derwezesiniň hem gurlandygyny we gatnaşyklaryň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny belledi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistana birnäçe saparynyň amala aşyrylandygy, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa saparynyň barşynda Türkmenistanda hem saparda bolandygy ýatlanyldy.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň hem ösdürilýändigi bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berler. Bolliwudyň kinolary we aýdymlary Türkmenistanda hem giňden tanyşdyr.

Medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 2022-2025-nji ýyllary öz içine alýan ylalaşyga gol çekiler.

Sanjaý Werma Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana saparynyň Hindistanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüljekdigini belledi.

 

Owgan tarapy bilen TOPH gaz geçirijisi barada pikir alşyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle