JEMGYÝET

Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti emele gelýär

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi.

Wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimiziň ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek baradaky syýasatyň dowam etdirilýändigini belledi.

 

31-nji iýuldaky howa maglumaty

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Tatarystana sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Jorj Waşington uniwersitetinde türkmen bedewlerine bagyşlanan eksponatlar görkezildi

Azerbaýjan, Özbegistan we “BP” kompaniýasy Özbegistanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirer

Türkmenistanyň kompaniýalary «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasyna gatnaşýar

Aşgabatda GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirilýär