DÜNÝÄ

Türkmenistana synçy derejesi berler

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde synçy derejesiniň berilmegi baradaky ýüzlenmesinden gaty hoşal bolandygy bellenilýär. Hatda bellenilip geçilişi ýaly, gurama agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygy mälim edilipdir.

Şol hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Ilki bilen, Size mähirli salamymy ýollaýaryn. Siziň 2021-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky hatyňyzy kanagatlanma bilen kabul etdim. Size Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz baradaky mähirli sözleriňiz üçin hoşallyk bildirýärin.

Men hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň goşandyňyza ýokary baha berýärin. Biz mundan beýläk-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydyrys.

Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde başlyklyk edýän döwrüdir. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi.

Biz Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky çözgüdine örän şatdyrys. Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Siziň ýüzlenmäňizi geňeşe agza döwletlere iberdi. Agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygyny tüýs ýürekden kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Gadyrly doganym!

Biz dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçiriljek VIII sammitine synçy döwlet hökmünde gatnaşmagyna örän şat bolarys. Siziň bu çözgüdiňiziň türki dilli dünýäde jebisligiň we raýdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna hem-de biziň hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

 

Lukman alymlaryň halkara maslahaty geçirildi

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy