JEMGYÝET

Lukman alymlaryň halkara maslahaty geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlaryň halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda uly ähmiýete eýe boldy.

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen halkara foruma Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge, daşary ýurtly diplomatlar, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, şol san-da ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu forum Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirildi.

Soňky ýyllarda, hususan-da dünýäde koronawirus ýokanjynyň giňden ýaýran döwründe lukmançylyk diplomatiýasy möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Bu Gutlag hatynda: “Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda COVID-19-yň öz çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri gördi. Ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşde sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmakda Türkmenistan baý tejribe toplady. Hususan-da, Özbegistan we Azerbaýjan bilen bilelikde umumy serhetlerde sanitariýa-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça özara arkalaşykly işler amala aşyrylýar.” diýlip bellenildi.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: BSSG-NIŇ SEBITLEÝIN USULY BOÝUNÇA BAŞLANGYÇ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag hatynda hususudan-da, öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça käbir başlangyçlar hem beýan edildi.

Hususan-da: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlarynyň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, bu ýokanjyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagynyň sebäplerini aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýolbaşçylygynda bu keseliň gelip çykyşyny takyk anyklamak maksady bilen, döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek örän zerurdyr. Şoňa görä-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usuly döredilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris – diýlip bellenilýär.

ONLAÝN TERTIPDE ÇYKYŞLAR DIŇLENILDI

Lukman alymlaryň halkara forumynda pandemiýa mümkinçiliginde ýokanç kesellere garşy göreşmekde lukmançylyk diplomatiýasy, “Covid-19” pandemiýasy döwründe gazanylan tejribeniň ulanylmagy, döwletleriň arasynda tejribeniň alyş-çalşygy ýaly ugurlarda giň pikir alyşmalar geçirildi.

Forumda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Sebitleýin edarasynyň bilermenleri “Covid-19” pandemiýasy döwründe sanjym işleriniň alnyp barylmagy, “Covax” mehanizminiň esasy orny, “Covid-19” pandemiýasyna jogap hökmünde halkara saglyk-sanitar düzgünler, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda sanly ulgamyň ähmiýete ýaly ugurlarda öz çykyşlaryny amala aşyrdylar.

Mundan başga-da, daşary ýurtlardan köp sanly alymlar, bilermenler hem-de saglygy goraýyş ulgamyna degişli ministrler onlaýn tertibinde öz çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Onlaýn tertibinde çykyş edenleriň hatarynda Wengriýanyň adam serişdeleri boýunça ministri Mikloş Kassler, Gyrgyz Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew, Moldowanyň saglygy goraýyş ministri Alla Nemerenko, Türkiýäniň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri Abduhakim Hajibaýew, Ermenistanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Geworg Simonýan, Gazagystanyň wise-ministri, Baş döwlet sanitar lukmany Erlan Kiýasow, Azerbaýjanyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Wiktor Gasymow, Rumyniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň döwlet sekretary Andreý Baçui, Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Oleg Gridnew we beýlekiler öz ýurtlarynda “Covid-19” pandemiýasyna garşy alnyp barylýan göreş hem-de bu ugurda gazanylan tejribeler barada gürrüň berdiler.

Nobel hepdeligi: parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ýene-de okaň

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa – Ýewropanyň çempiony

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Donald Trampyň janyna howp salynmagyny ýazgardy

Ýewropanyň finaly: Angliýamy, Ispaniýa çempion bolar?