TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Nobel hepdeligi: parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Dünýänyň iň abraýly baýraklarynyň biri hasaplanýan Nobel baýragynyň ýeňijileri yzygiderli yglan edilýär. Lukmançylyk, fizika, himiýa we edebiýat baýragynyň ýeňijilerinden soňra parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy.

Bu baýraga birbada 2 adam – Filippinlerden we Russiýadan žurnalistler degişlilikde Mariýa Ressa we Dmitriý Maratow mynasyp boldy.

Norwegiýanyň Nobel komitetiniň başlygy Berit Reiss-Andersen metbugat ýygnagynda Mariýa Ressa we Dmitriý Muratowyň “Filippinlerde we Russiýada öz ugrunda alyp baran işjeň işleri üçin” sylaglanandygyny aýtdy.

Dmitriý Muratow parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan rus raýatylarynyň biridir.

Dmitriý Muratow “Nowyý gazeta” gazetiniň baş redaktory we esaslandyryjysydyr.

Mariýa Ressa, “Rappler” Filippin neşiriniň baş direktory we esaslandyryjysy, Amerikanyň “CNN” teleýaýlymynyň Maniladaky býurosynyň öňki başlygydyr.

Bu, Filippinleriň raýaty üçin ilkinji Nobel baýragydyr.

PARAHATÇYLYK BOÝUNÇA NOBEL BAÝRAGY BARADA…

1901-2020-nji ýyllar aralygynda bu baýrak 101 gezek berildi. Umuman alanyňda, Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň taryhynda 107 adam (şol sanda 17 aýal) we 25 gurama bu baýraga mynasyp boldy.

Bu baýraga ozal mynasyp bolanlaryň hatarynda ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Teodor Ruzwelt (1906), Norwegiýanyň Arktikany öwreniji we jemgyýetçilik işgäri Fritof Nansen (1922), afroamerikaly hukukçy Martin Lýuter King (1964), Germaniýanyň Kansleri Willi Brandt (1971), ABŞ-nyň döwlet sekretary Genri Kissinjer (1973), ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama (2009) ýaly meşhur syýasatçy we jemgyýetçilik işgärleri hem bar.

 

 

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle