Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna başlyklyk eder

Türkmenistan döwletimiz şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk eder. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasy tarapyndan onlaýn derejesinde geçiriljek ÝHG-niň 14-nji ýokary derejedäki ýygnagyna Türkmenistanyň gatnaşmagyna taýýarlyk görülýär. Şu ýyl Türkmenistan bu gurama başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlandy we birnäçe möhüm wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda ÝHG-ä agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, söwda-ykdysady zlaklary döretmek, söwda, ulag we logistika we energetika ulgamlary nazara alnanda täze ykdyady geçelgeleri kemala getirmek ugurlary bar.

Mundan başga-da YHG-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ugurlarda, hususan-da, ylym-bilim, sport ugurlarynda, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy-barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine ähmiýet berler.

Okap bilersiňiz  Germaniýa Hytaý bilen ýük gatnawlaryny dikelder

Şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-nyň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.

Türkiýäniň Prezidenti milli Liderimizi YHG-niň sammitine çagyrdy

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy