DÜNÝÄ

Türkmenistan we Serbiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-serbiýa gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ymtylýandyklary bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri beýan edildi.

Ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy hem bellenildi. Taraplar özara hereketleriň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmegi boýunça degişli işleriň geçirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Serbiýanyň halkara meýdançalarynda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýandyklary bellenilip geçildi. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi hem nygtaldy.

Taraplaryň ykdysady hyzmatdaşlygyň söwda, dokma senagaty we gazhimiýa pudagy ýaly ugurlarynyň ösdürilmegini ileri tutýandyklary hem aýratyn bellenilip geçildi.

Ministrler geljekde köpugurly hyzmatdaşlygyň hem ösdürilmegine itergi berjek takyk çäreleriň sanawyny özünde jemlejek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasynyň» taslamasyny işläp düzmek babatynda ylalaşdylar.

Şonuň ýaly-da, taraplaryň ähmiýetli mümkinçilikleri bolan bilim hem-de ylym ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy bellenildi.

 

Awaza: gatnawlar amala aşyrylýar

 

 

Ýene-de okaň

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Aşgabatda Özbegistanyň we Eýranyň Prezidentileriniň duşuşygy boldy

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy

Pakistanyň we Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri