SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awaza: gatnawlar amala aşyrylýar

Tomusky dynç alyş möwsümi gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär. 

Tomusky dynç alyş möwsüminde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan goşmaça gatnawlar ýola goýuldy.

Welaýatlardan we Aşgabat şäherinden dynç almaga gitjek raýatlarymyz üçin şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, her gün Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlary ýola goýuldy.

Demir ýol ulgamynda ýolagçylar gatnadylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri bilen bilelikde, ýolagçy wagonlarynda we demir ýol menzilleriniň binalarynda hem-de beýleki ýerlerde gündelik yzygiderli arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär.

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýänlere hödürlenýän awtoulag hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak maksady bilen, ýolagçy ulaglaryň täze gatnaw ugurlary açyldy.

 

Howa maglumaty:7-13-nji iýun aralygy

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar