BIZNES

Türkmenistan Ukraina dizel ýangyjy eksport edýär

“UkrRudProm” portalynyň habaryna görä, 2021-nji ýylyň bäş aýynda Türkmenistan 23,4 müň tonna dizel ýangyjyny Ukraina iberdi.

Dizel ýangyjy bu ýurda deňiz ýoly arkaly ýerlendi. Türkmenistan, Türkiýeden we Gresiýadan soň suw ulaglary bilen Ukraina dizel ýangyjynyň eksport möçberi boýunça üçünji orunda durýar.

Umuman aýdanyňda, şu ýylyň bäş aýynda Ukraina dizel ýangyjynyň importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% azaltdy.

Munuň sebäbi, nebit önümleriniň bahasy peselende, 2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda dizel ýangyjynyň amaly talaplardan artyk satyn alynmagy bilen baglanyşyklydyr. Artykmaç ýangyç nebit ammarlarynda saklanandygy mälim edildi.

 

Daşary ýurtda galan türkmen raýatlary pasport möhletini uzaldyp biler

 

Related posts

Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi : Rejelenen görnüşi

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynda işleriň barşy

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: iňlis telekeçileri ECO-93 benzinini satyn aldy