TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygyň esasy 3 ugry

Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar şu gün Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmegiň we berkitmegiň bu ýurtda parahatçylygy gazanmak üçin möhüm görkezijiler bolmalydygyna düşünýändiklerini mälim etdiler parahatçylykly, bölünmez, garaşsyz, ykdysady taýdan ösýän, terrorçylykdan we neşe serişdelerinden azat döwlet hökmünde bolmagyna ygrarlydyklaryny tasstykladylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew öz çykyşynda türkmen tarapynyň Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hut şu görkezijiler ýurduň özi we umuman sebitiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde oňyn täsir eder.

Şeýle hem, Türkmenistan üçin Owganystandaky parahatçylygy dikeltmek tapgyrynyň üç esasy ugra: syýasy, ykdysady we durmuş-ynsanperwer ugurlaryna esaslanýandygyny mälim etdi.

Syýasy giňişlikde, Türkmenistanyň ähli gyzyklanýan döwletleri we halkara guramalary täze owgan hökümeti bilen gepleşikleri ösdürmäge çagyrýandygyny aýtdy. W.Hajiýew, şeýle hem, başlanan halkara ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, owgan kompaniýalary bilen hyzmaydaşlygy ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Mundan başga-da ynsanperwer çökgünligiň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömeginiň iberilmeginiň zerurlygy bellenildi.

Forumda Owganystanyň çaknyşykdan soň dikeldilmegine we dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagyna ýardam etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmeginiň we bilelikdäki işleriň dowam etdirilemgine taýýardygy nygtaldy.

 

Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keseli üçin test serişdelerini berdi

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Ikinji Hazar ykdysady forumy geçiriler

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Teswirle