JEMGYÝET

Türkmenistan “smart-siti” taslamasynda Tatarystan bilen hyzmatdaşlyk eder

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistan tarapy bilen gepleşikler geçirdi. Bu gepleşikler Tatarystanyň Prezidentiniň Aşgabada amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

2020-nji ýylyň jemleri boýunça taraplaryň arasyndaky haryt dolanşygy 107 million dollara deň boldy. Tatarystanyň esasy eksport harytlary – gury ýer ulaglary, kauçuk, tehniki we mehaniki enjamlar. Öz gezeginde esasan plastmassa we plastmassa önümleri, gök önümler we ş.m. Tatarstana iberilýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada “KAMAZ” kysymly ulaglaryny iň köp sarp edijileriň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda “KAMAZ” awtoulaglarynyň 9 müňden gowragy bar. “KAMAZ” ýük awtoulaglarynyň köp görnüşi diýen ýaly Türkmenistanyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işjeň ulanylýar. Bu kompaniýanyň täze ulaglary we tehnikalary kyn çöl şertlerinde hem giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda 2019-2021 ýyllar boýunça Türkmenistana 1982 sany tehnika getirmek boýunça şertnama bar. Şoňa laýyklykda, şu ýylyň awgust aýyna çenli 189 birlikden ybarat bolan tehnikalaryň soňky tapgyryny ibermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “KAMAZ” kompaniýasy boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda has uly meýilnamalarynyň bardygyny belledi. Tatarystanyň Prezidenti kompaniýanyň dürli ugurlar, şol sanda elektrik awtobuslary üçin ýol kartasyny taýýarlandygyny aýtdy.

Şeýle hem “Tatneft” kompaniýa boýunça hem işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. 2019–2020-nji ýyllar aralygynda Müşderiniň 120 guýusynda abatlaýyş işleri geçirildi, goşmaça 106 müň tonnadan gowrak goşmaça nebit öndürildi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda “Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynda ulanylan turbalary bejermek üçin önümçilik başlandy.

2009-njy ýylda “KER-Holding” kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açdy. Bu kompaniýa “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlyk edip, häzirki wagtda energetika we nebit çykaryş bazarynda 2 şertnamasy hereket edýär.

Kazanyň dikuçar zawody 2009-njy ýylda ilkinji dikuçaryny Türkmenistana getirdi. 2015-nji ýyla çenli 11 dikuçar iberildi. Kazanyň dikuçar zawody bilen “Türkmenhowaýollary” agentliginiň arasynda gol çekilen şertnamalara laýyklykda, 2020-2021-nji ýyllarda 1 sany “Mi-17-1B” kysymly hem-de 1 sany “ANSAT” kysymly lukmançylyk maksatly dikuçarlar getirildi.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde maglumat tehnologiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Türkmenistanyň Prezidenti indiki hepdede “smart siti” (akylly şäher) taslamasynyň düýbüniň tutuljakdygyny belläp, Tatarystanyň dolandyryş, hyzmatlar, jemgyýetçilik hyzmatlary ýaly ugurlarda sanlylaşdyrmak tejribeleri bilen gyzyklanýandyklaryny belläp geçdi.

Rustam Minnihanow ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.

Taraplar haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurlygy barada ylalaşdylar.

 

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolýar

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini “Ýaşulular Geňeşi” diýip atlandyrmagy teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň öz neşirini döretmek başlangyjyny öňe sürdi