TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan sanjym geçirmekde Hytaý bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer

Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşan hormatly Prezidentimiz koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek hakynda hem belläp geçdi.

Bu barada milli Liderimiziň çykyşynda şeýle diýilýär:

– Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna hem-de ýaramaz netijelerine garşy bilelikde göreşmek häzirlikçe möhüm wezipe bolmagynda galýar.

Bütindünýä üçin şeýle kynçylykly döwürde Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý raýdaşlygyň, özara kömek bermegiň ajaýyp nusgasyny görkezdi. Munuň özi bu ugurda toplanan tejribäni alyşmak üçin hünärmenleriň köp sanly onlaýn duşuşyklaryny guramakda hem, ilata sanjym geçirilende hem ýüze çykdy. Biziň ýurdumyzyň sebitiň beýleki döwletleriniň çäginde galan raýatlaryna özara goldaw bermekde, zerur bolan ýükleriň daşalmagynda hem aýdyň boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga umumy kadalardan ugur alyp çemeleşendigini hem aýratyn bellemek isleýärin. Gürrüň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň dowamynda koronawirus keseline garşy göreşde ählumumy raýdaşlyk hakynda kabul edilen Rezolýusiýany biziň ýurtlarymyzyň goldandygy barada barýar. Biziň döwletlerimiz pandemiýa garşy ählumumy göreşde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öňdebaryjy ornuny tassyklaýar we onuň syýasylaşdyrylmagyna garşy çykyş edýär.

Koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygy bu ählumumy howpa garşy üstünlikli göreşmegiň örän möhüm şertlerinden biri bolup durýar.

Biz Merkezi Aziýa — Hytaý görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň usulyny döretmäge ýakyn wagtda girişeris diýip pikir edýäris. Ilkinji şeýle duşuşygy şu ýyl geçirmegi teklip edýäris.

Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

 

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny artdyrmaga taýýar

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle