Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy.

Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda ýangyç-energetika pudagy şonuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurlup, 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilmegi pudagyň öňdebaryjy desgasyna öwrülendigini aýtdy.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňhukuklylyga, köptaraply bähbitlere düşünmäge, gaz geçirijiniň hereket edip başlamagy bilen açylan mümkinçilikleriň giň gerimine esaslanýan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly boldy.

Biz energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we giňeltmegiň ýoly bilen öňe hereket etmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 4-nji turbageçiriji ulgamyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberlerini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr, diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa jemi 320 milliard kubmetrden gowrak türkmen gazy iberildi. 2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kubmetre ýakyn tebigy gaz eksport edildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti «Hytaý – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy