TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan-Pakistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Pakistanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtap, sebitiň ykdysady taýdan ösmeginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

9-njy maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle