JEMGYÝET

Türkmenistan-Özbegistan: suw ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda gol çekilen resminama laýyklykda, häzirki wagtda suwdan iki döwletiň arasynda bilelikde peýdalanmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Suw hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, serhetüsti derýalaryň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we iki döwletiň serhetýaka çäklerinde ýerleşýän suw hojalyk desgalarynyň işini üpjün etmek maksady bilen, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparyny döretmek bellenildi.

Iki döwletiň arasynda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmakda, peýdalanmakda we goramakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek, bu ugurda ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, iki döwletiň Suw hojalyk meselelerine dahylly ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada bilelikdäki toparyň wezipeleri kesgitlenildi.

 

Köýtendag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna giriziler

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi